Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi

Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi

Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.

11-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň girelge zalynda ýurtdaky diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde, baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, forum ýokary derejedäki umumy mejlis bilen açyldy. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky hem-de daşary döwletleriň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.

Forumyň umumy mejlisinde çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de foruma gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhüm ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde täzeçil çemeleşmeleri teklip edendigi nygtaldy.

Munuň üçin oňyn halkara dialogy has-da ösdürmek zerurdyr. Şunda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly, netijeli gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti nygtaldy.Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk sözlerini beýan edip, jenap D.Şlapaçenko Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň ähmiýetini nygtady.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiç ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ählumumy hereketleri işjeňleşdirmekde uly ähmiýeti bolan foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we Hökümetine hoşallyk bildirdi. Şunda özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan dialogy pugtalandyrmak üçin şertleri döretmek möhüm esas bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milletler Bileleşiginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň jogapkärli strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýurduň goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi nygtaldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamagyň, özara ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň, netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertidigini nygtady.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Abdulaziz Kamilowyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mereý Mukažanyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň syýasy işler boýunça kömekçisi Ýousef Al Dobeanyň çykyşlarynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna we parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryna ýokary baha berildi.

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kauma, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus, BMG-niň Baş sekretarynyň ählumumy kommunikasiýalar boýunça orunbasary Melissa Fleming, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow, Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku, şeýle hem Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň prezidenti Pan Gi Mun sanly ulgam arkaly foruma gatnaşyjylara ýüzlendiler.

Soňra forum dört sany bölümçede öz işini dowam etdi.

Mejlisleriň biri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde geçirilip, ol öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde dialogyň ähmiýetine bagyşlandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen ikinji mejlisiň mazmuny dialog arkaly parahatçylygy gazanmakda zenanlaryň orny barada boldy. Şol institutda geçirilen üçünji mejlis dialog arkaly geljekki nesilleriň mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerinde ýaşlaryň mümkinçiligine bagyşlandy.

BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda guralan dördünji mejlis ählumumy daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlykda diplomatik dialogyň ähmiýetine bagyşlandy.

Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Foruma gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ýene degişli makalalar

ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary bilen duşuşyk
ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
ТУРКМЕНИСТАНОБСЕ: РАЗВИВАЯ ПЛОДОТВОРНОЕ СОТРУДНИЧЕСТВО
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi
Kaýratyň janköýerler kluby Gurban Berdiýewe ýüzlenme bilen çykdy