ТУРКМЕНИСТАНОБСЕ: РАЗВИВАЯ ПЛОДОТВОРНОЕ СОТРУДНИЧЕСТВО

ТУРКМЕНИСТАНОБСЕ: РАЗВИВАЯ ПЛОДОТВОРНОЕ СОТРУДНИЧЕСТВО

Şu gün, 2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda, Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we ýurduň hemişelik Bitaraplyk derejesine, açyklyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny belledi. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň iri halkara guramalar, sebitleýin düzümler, şol sanda ÝHHG bilen özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça baý tejribe toplandygy nygtaldy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, döwletimiziň umumydünýä ösüşine oňyn täsiri bolan köpugurly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny esasy ugur edinýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarlygynyň arasynda giň ugurlar, şol sanda ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýän syýasy, ykdysady, ekologiýa we beýleki ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň belleýşi ýaly, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan daşary syýasatyna, durmuş ugruny nazarlaýan hem-de häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn, sazlaşykly ösüşine gönükdirilen içeri syýasatyna ýokary baha berýär we ony goldaýar.

Jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere oňyn baha berip, myhmanlar ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe sürýän ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar milli azlyklaryň işi we olaryň jemgyýet durmuşyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Mejlisiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň deňhukuklylygy we abadançylygy durmuş-ykdysady ösüşiň esasy kepillikleriniň biri bolup durýar.

Türkmenistan wajyp halkara konwensiýalary, şol sanda adam hukuklary baradaky resminamalary tassyklap, olary durmuşa geçirmek ugrunda anyk işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň jemgyýetiň ähli agzalarynyň hukuklaryny goramak we olary durmuşa geçirmek meselelerine möhüm üns berýändigi bellenildi.

Munuň özi “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda” öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem taraplar ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym we bilim ulgamyny ösdürmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy, olaryň daşary ýurt dillerini işjeň öwrenmekleri bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar Mejlisiň işiniň esasy ugurlary we maksatlary, onuň düzümi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kanun çykaryjylyk ulgamynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary bilen tanyşdyryldy.

Munuň özi döwlet ösüşiniň giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň gysga wagtda amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.Milli parlamentde ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyna halkara hukuk kadalarynyň utgaşdyrylmagy boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ähmiýetlidigini nygtap, myhmanlar ozal hereket edýän we täze bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde, başga-da birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn düzümlerde duşuşyklar meýilleşdirildi. Şeýle hem saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalarynyň Daşoguz welaýatynyň “Köneürgenç” döwlet medeni-taryhy goraghanasyna baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary bilen duşuşyk
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi