Aşgabatda Diwali hindi baýramy bellenildi

Aşgabatda Diwali hindi baýramy bellenildi

Aşgabat şäherindäki Ýyldyz myhmanhanasynda hindileriň Diwali baýramçylygy bellenildi. Çärede Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Nair hem-de Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

Dabara Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Diwali Hindistanda iň meşhur baýramçylyklaryň biri bolup, ol ýagtylygyň garaňkylykdan, ýagşylygyň ýamanlykdan, bilimiň nadanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýar. Baýramçylyk gününde hindi maşgalalary öýlerini dürli reňkli çyralar, yşyklar, sowgatlar we süýjülikler bilen bezeýärler, birek-biregiňkä myhmançylyga barýarlar.

Ýyldyz myhmanhanasynda geçirilen dabara baý medeni meýilnamany öz içine alyp, onuň dowamynda hindi tanslary, hindi sazlary ýerine ýetirildi, hindi tagamlary we içgileri myhmanlara hödür edildi.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet işgärlerine Garaşsyzlyk baýramyna çenli horlanmak tabşyryldy
Türkmen wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji sessiýasyna gatnaşýar
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatda IV halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy
Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi
Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi