Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi

10-njy dekabrda Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi we TÜRKSOÝ tarapyndan bilelikde guralan Türki dünýäniň medeni paýtagty — 2023 ýylyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Onda 2024-nji ýylda Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Türkmenistanyň Änew şäherine geçirildi.

Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Karimli Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa Türki dünýäsiniň Hemişelik Medeniýet ministrleriniň Geňeşiniň başlyklygynyň nyşanyny gowşurdy.

A. Şamyradow Türki dünýäniň medeni paýtagty Şuşa — 2023 ýylyň resmi ýapylyş dabarasynda eden çykyşynda

Türkmenistanyň medeniýet ministri türki döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Mary şäheri 2015-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýen derejä eýe bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi
Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi
Türkmenistanyň medeniýet ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ministrleri duşuşyk geçirdiler
Türkmenistandan Yraga gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekildi
Türkmenistandan Yraga gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekildi