Türkmenistanyň medeniýet ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň medeniýet ministri azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginde medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň bilen Azerbaýjanyň medeniýet ministri bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

Azerbaýjanyň ministri Adil Karimli myhmanlary garşylap, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejedigini aýtdy. Ol Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda çyn ýürekden dostlukly gatnaşyklaryň doganlyk respublikalaryň gatnaşyklaryny strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirendigini belledi. Bu bolsa öz gezeginde medeni ugurda we beýlekilerde gatnaşyklaryň ösmegi üçin möhüm esas döredýär.

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow azerbaýjan tarapyna mähirli garşylanandygy, myhmansöýerligi, şeýle hem türki dünýäsiniň agzybirligine hyzmat edýän şeýle çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmen ministri, medeniýet pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny, geljek ýylyň aprel aýynda Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçiriljekdigini aýtdy. Şeýle hem, Türki dünýäsiniň IV Korkut Ata film festiwalyny Türkmenistanyň Änew şäherinde geçirmek baradaky kararyň uly kanagatlanma döredendigini aýtdy.

Ministr Adil Karimli ertir Şuşada geçiriljek Türki dünýäsiniň 1-nji medeni forumynyň iki halkyň gadymy taryhy we medeni mirasyny geljek nesillere wagyz etmek hem-de geçirmek nukdaýnazaryndan ähmiýetini belläp geçdi.

Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça pikir alşyldy.

Belläp geçsek, türkmen wekiliýeti 13-14-nji oktýabr aralygynda Azerbaýjanyň umumymilli lideri Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanan Türk dünýäsiniň ilkinji medeni forumyna gatnaşmak üçin Türki dünýäsiniň medeni paýtagty Şuşa şäherinde saparda bolar. Forum Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, TÜRKSOÝ we Halkara Türk akademiýasy tarapyndan bilelikde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi
Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi
Türki dünýäniň paýtagty Şuşadan Änew şäherine geçirildi
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ministrleri duşuşyk geçirdiler
Türkmenistandan Yraga gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekildi
Türkmenistandan Yraga gaz ibermek boýunça Ähtnama gol çekildi