Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň maslahaty geçirildi

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň maslahaty geçirildi

Şu gün Aşgabat şäherindäki Mekan köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi.

Türkmenmetbugat elektron neşirinde habar berlişi ýaly, maslahat Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Owganystan döwletinden Birleşigiň daşary ýurtly agzalarynyň 16-sy, Birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de talyplary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Maslahatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp baran işleriniň netijeleri we dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň resminamalaryna gol çekildi.

Maslahatyň ahyrynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny göz öňünde tutup, birleşigiň türkmenistanly we daşary ýurtly agzalarynyň birnäçesi Ynsanperwerligiň sarpasy nyşany bilen sylaglanyldy hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahatyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenmesi kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
OPEK+ ýurtlary iýulda nebit önümçiligini azaltmak baradaky şertnamanyň şertlerini 523% ýerine ýetirdiler
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi
Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Balkan welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar
Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Ahal welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar
FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary alty aýlap yzygiderli peseldi