Aşgabatda G.Ibseniň eseriniň ilkinji görkezilişi, Mary welaýatynyň teatrynyň göçme çykyşlary we ganatly bedewleri wasp edýän eserleriň sergisi bolar

Aşgabatda G.Ibseniň eseriniň ilkinji görkezilişi, Mary welaýatynyň teatrynyň göçme çykyşlary we ganatly bedewleri wasp edýän eserleriň sergisi bolar

Dynç alyş günlerinde Aşgabatda tomaşaçylaryň isleglerine laýyk dürli gyzykly çäreler bolar. 15-nji ýanwarda Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde ýylyň şygaryna bagyşlanan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany atly sergi açyldy.

Sergide tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewlerini wasp edýän sungat eserleri görkezilýär. 15 16-njy ýanwarda Aşgabatda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň çykyşlary bolar.

Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň sahnasynda Muneçjim atly sahna oýnunyň görkezilişi bolar. 18-nji ýanwarda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda norwegiýaly ýazyjy we dramaturg Genrik Ibseniň eseri esasynda goýlan Gurjagyň öýi sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bolar.

Sahna oýnunyň režissýory Andreý Pawlow.Esasy keşpleri Anna Hommadowa we Magtymguly Gurbanow ýerine ýetirýärler.Paýtagtymyzyň teatrlary şeýle hem tomaşaçylara aýdym-sazly degişme agşamlaryny, komediýalary we drama oýunlary hödürleýärler.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 17.01.2026: Gelin gelýär 19:00; 18.01.2026: Giýewleriň bäsleşigi 19:00.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry: 17.01.2026: Aýdym-sazly gülki agşamy 19:00; 18.01.2026: Aýdym-sazly gülki agşamy 19:00.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: 17.01.2026: Täze ýyl degişmeleri 19:00; 18.01.2026: Täze ýyl degişmeleri 19:00.A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry: 17.01.2026: Похищение Чебурашки 12:00; 17.01.2026: Свободные бабочки19:00; 18.01.2026: Али-Баба11:00; 13:00; 18.01.2026: Gurjagyň öýi, ilkinji görkezilişi 19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry: 17.01.2026: Söýgi 19:00; 18.01.2026: Saňa ýalan maňa çyn 19:00.Türkmen döwlet gurjak teatry: 17.01.2026: Böwenjik 17:00; 17.01.2026: Çagaly öý bazar 19:00; 18.01.2026: Maşa we aýy 12:00, 15:00; 18.01.2026: Aşyklar 19:00.

Ýene degişli makalalar

Genrih Ibseniň ýazan Gurjagyň öýündäki başagaýlyk
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Aşgabatda nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň sergisi açyldy
Abadan ýurdumyza buýsanç
Aziýa çempionatynda çykyş etjek türkmen pälwanlary belli boldy
Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy elektron žurnalynyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi