Täze emeli hemra ulgamyny döreder

Ýewropa Bileleşigi ygtybarly we berk aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmek maksady bilen täze emeli hemra ulgamynyň gurulmagy üçin degişli edaralar bilen ylalaşdy. Ýewropa Parlamenti agza ýurtlar bahasy 2,4 milliard ýewro bolan “2023-2027 Ygtybarly arabaglanyşyk taslamasy” atly maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde ylalaşdy.

Maksatnamanyň çäklerinde emeli hemra ulgamy gurlar.Bu ulgam Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ygtybarly aragatnaşyk zerurlyklarynyň üpjün edilmegi beýleki ýurtlara garaşlylygyň azaldylmagy maksady bilen döredilýär.Täze emeli hemra ulgamynyň Ýewropanyň kosmos senagatynyň maglumat we tejribesi bilen gurulmagy, demirgazyk-günorta ugry bilen Ýewropany we Afrikany öz içine aljakdygy mälim edildi.

Wepa Hommadow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Balkan welaýat tapgyrynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Gran-pri küşt ýaryşynyň finalçylary kesgitlendi
2026-njy ýylyň küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň erkekleriň düzümi kesgitlenildi
Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy