Küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Awazada geçirilen Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry oňa gatnaşyjylaryň 138-sini bir ýere jemledi Ýaryş ilkinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekund goşmak bilen, her oýunça her döw üçin 90 minut wagt berilýän şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Ýaryş halkara FIDE görkezijisini hasaplamak bilen geçdi.
Görkezijisini ýokarlandyrmak hem-de ýylyň esasy ýaryşyna gatnaşmak üçin hukuga eýe bolmak ugrunda açyk toparda 95 we zenanlaryň toparynda 43 küştçi bäsleşdiler.Erkekler bilen deň hatarda zenanlar hem gatnaşdyrylýan açyk toparda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýew birinji orny eýeledi.
Ol geçirilen 9 döwlerde Lebabyň küştçüleri Şageldi Gurbandurdyýewden we Sanjar Gaýbullaýewden ýarym utuk öňe saýlanyp, 7,5 utuk toplady.Lebap welaýatynyň küştçüleri degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.
Zenanlaryň toparynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dil taýýarlygy fakultetiniň talyby Leýla Şöhradowa hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy.Ol häzirki Gran-pri ýaryşynyň Balkan welaýat tapgyryna çenli Daşoguz welaýat tapgyrynda mümkin bolan iň ýokary utuk möçberi bolan 9 utukdan 9-syny-da toplap hem-de Mary welaýat tapgyrynda 8,5 utuk netije gazanmak bilen ýeňiş gazandy.
Bu gezek oňa ýeňiş üçin 8 utuk hem ýeterlik boldy.Ikinji orny 7 utugy bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa eýeledi. Şonça möçberdäki utugy Küşt Älemi akademiýasyndan Nurana Söýünowa hem toplady, ýöne, goşmaça görkezijiler boýunça ol üçünji orna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan döredilen küşt boýunça Gran-pri 2025 atly ýaryşy şu ýyl ilkinji gezek geçirilýär. Ýaryşyň bu görnüşi final tapgyryna gatnaşjak 16 küştçüleri belli etmek üçin welaýatlaryň hersinde bir, jemi bäş tapgyryň geçirilmegini özünde jemleýär.
Jemleýji, final tapgyr 13 21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.Iň oňat netijeli küştçüleriň üçüsiniň jemi hasaba alnyp, şolaryň jemleri boýunça Gran-pri görkezijisinde umumy utuklaryň möçberi kesgitlenilýär.
Jemleýji netije boýunça finalçylar kesgitlendiler.Açyk toparda: 1.Mergen Kakabaýew 23 utuk, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy, 1997 ý.d. 2.Amanmuhammet Hommadow 23 utuk, Aşgabat, 2006 ý.d. 3.
Wepaly Halynyýazow 21 utuk, Aşgabat, 2005 ý.d. 4. Şahruh Turaýew 21 utuk, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy, 1994 ý.d. 5.Serdar Baýramow 21 utuk, Lebap, 2008 ý.d. 6.
Sanjar Gaýbullaýew 21 utuk, Lebap, 2008 ý.d. 7.Läle Şöhradowa 20,5 utuk, Aşgabat, 2006 ý.d. 8. Şageldi Gurbandurdyýew 20,5 utuk, Lebap, 2008 ý.d. 9.
Serdar Seýitmyradow 20,5 utuk, Küşt Älemi akademiýasy, 2003 ý.d. 10.Jahan Rejepowa 19,5 utuk, Lebap, 2010 ý.d. 11.Azym Saryýew 19,5 utuk, Aşgabat, 2007 ý.d. 12.
Azatgeldi Annageldiýew 19,5 utuk, Aşgabat, 2004 ý.d. 13.Zafar Kurýazow 19 utuk, Daşoguz, 1978 ý.d. 14.Ilhan Çaryýew 18,5 utuk, Lebap, 2008 ý.d. 15.
Salyh Annageldiýew 18,5 utuk, Daşoguz, 2014 ý.d. 16.Gurbanmyrat Rüstemow 18,5 utuk, Lebap, 2010 ý.d.finalçylar boldular.Zenanlaryň toparynda Gran-pri ýaryşynyň final tapgyryna: 1.
Leýla Şöhradowa 25,5 utuk, Aşgabat, 2007 ý.d. 2.Ogulsuraý Baýrambaýewa 21,5 utuk, Aşgabat, 2003 ý.d. 3.Gulmira Seýilhanowa 21 utuk, Lebap, 2008 ý.d. 4.
Eneş Arazmedowa 20,5 utuk, Aşgabat, 2007 ý.d. 5.Jennet Ýalkanowa 20,5 utuk, Mary welaýaty, 2009 ý.d. 6.Aýşe Gubataýewa 19,5 utuk, Aşgabat, 2003 ý.d. 7.
Nurana Söýünowa 19 utuk, Küşt Älemi akademiýasy, 2013 ý.d. 8.Mährijemal Gurbangeldiýewa 19 utuk, Aşgabat, 2008 ý.d. 9.Dilber Hupbyýewa 17,5 utuk, Daşoguz, 2014 ý.d. 10.
Nebahat Myradowa 17,5 utuk, Lebap, 2012 ý.d. 11.Jeren Ibragimowa 17 utuk, Aşgabat, 2005 ý.d. 12.Nurana Jumanyýazowa 17 utuk, Lebap, 2011 ý.d. 13.
Läle Wepaýewa 16,5 utuk, Küşt Älemi akademiýasy, 2015 ý.d. 14.Enejan Çarygeldiýewa 16 utuk, Aşgabat, 2016 ý.d. 15.Humaý Huseýnowa 16 utuk, Lebap, 2014 ý.d. 16.
Aýnur Batyrowa 15,5 utuk, Mary welaýaty, 2010 ý.d.geçdiler.Açyk we zenanlaryň toparyndaky ýaryşlaryň final tapgyrynyň ýeňijileri 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Ýokary ligasyna göni ýollanmalary alarlar.
Türkmenistanda şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän Gran-pri 2025 atly ýaryşy küşti ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir: ol ähli welaýatlardaky küştçülere beýleki şäherlere çykmak zerurlygy bolmazdan yzygiderli ýaryş tejribesine eýe bolmaga mümkinçiligi üpjün edýär hem-de ýurduň iň güýçli oýunçylarynyň dürli welaýatlarda çykyş etmekleri we ýerli türgenlere özleri bilen oýnamaga mümkinçilik bermek üçin şertleri döredýär. Şeýlelikde, täze görnüşdäki ýaryş ýaş zehinleri olaryň ösüşiniň irki tapgyrynda ýüze çykarmaga, tejribeli küştçüler üçin bolsa goşmaça höweslendiriji we Türkmenistanyň Ýokary ligasyna düşmegiň netijeli usuly bolup hyzmat edýär.
