Aşgabatda gabawa düşen Leningradyň ýaşaýjylaryndan türkmen halkyna minnetdarlygyň nyşany peýda bolar

Aşgabatda gabawa düşen Leningradyň ýaşaýjylaryndan türkmen halkyna minnetdarlygyň nyşany peýda bolar

Resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gabawa düşen Leningradyň ýaşaýjylaryny öz topragynda penalan türkmen halkyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde bina edilýän Dostluk ýadygärliginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada Sankt-Peterburg teleýaýlymy habar berdi.

Mundan başga-da, Sankt-Peterburg şäheriniň wekiliýetiniň agzalary Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna hem gül goýarlar.

Ýeri gelende bellesek, saparyň dowamynda gubernator Aleksandr Beglow Sankt-Peterburgyň Wozroždeniýe kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda gurlan infrastruktura desgalaryna hem baryp görer.

Ýene degişli makalalar

Beglow Aşgabatda gurulýan sil suwlaryny sowujy topluma baryp gördi
Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy
Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Peterburg Aşgabatda Leningradyň goragçylarynyň hormatyna ýadygärlik gurar
Serdar Berdimuhamedow Sankt Peterburgyň häkimi bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 24-nji Peterburg halkara forumyna gatnaşýar