Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen gutlamaga rugsat ediň!

Ajaýyp syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde Siz Ýewraziýa sebitinde parahatçylygy, özara düşünişmegi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň gülläp ösmegine hem-de barha kuwwatlanmagyna uly goşant goşduňyz.

Strategik wezipeleri çözmekde Siziň öňdengörüjiligiňiz we parasatlylygyňyz, türkmen halkynyň medeni baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak meselelerine oýlanyşykly çemeleşmegiňiz türkmenistanlylaryň köp nesilleri üçin görelde boldy. Siz ýadawsyz we tutanýerli zähmetiňiz bilen senagat, oba hojalyk pudaklarynyň, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň okgunly ösmegini üpjün etdiňiz.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak Sankt-Peterburgyň Hökümetiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Biz özara ynanyşmagyň derejesine ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge çalyşýarys.

Siziň goldawyňyz netijesinde halklarymyzyň dostlugynyň bähbidine Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna umyt edýärin.

Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Aleksandr Beglow,

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Peterburgyň arasynda gurluşyk we senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk ylalaşyldy
Türkmenistan we Sankt-Peterburg senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komiteti Türkmenistan ilen gatnaşyklary ösdürýär
Serdar Berdimuhamedowa Sankt-Peterburgyň hormat nyşany gowşurylar
Peterburgyň hökümeti Serdar Berdimuhamedowy “Halkara hyzmatdaşlykda aýratyn hyzmaty üçin” sylaglady
Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi