Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komiteti Türkmenistan ilen gatnaşyklary ösdürýär

Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komiteti Türkmenistan ilen gatnaşyklary ösdürýär

Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Ýewgeniý Grigoriýew Peterburg gündeligi inernet neşirine beren ýörite interwýusynda şäheriň GDA agza döwletleri bilen gatnaşyklary barada aýtdy. Hususan-da, ol üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga salgylanyp, biziň ýurdumyz bilen gämi gurluşygy, farmasewtika we ynsanperwerlik boýunça iri taslamalaryň alnyp barylýandygyny nygtady.

Hususan-da, 2020-nji ýylyň fewral aýynda Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň Aşgabat şäherine saparynyň bolandygyny ýatlatdy . Şu ýyl wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Newa boýundaky şähere saparynyň hem iňňän netijeli bolandygyny aýtdy.

Şeýle hem Ýewgeniý Grigoriýew geljekde bilelikde göz öňünde tutulýan taslamalar barada hem gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedowa Sankt-Peterburgyň hormat nyşany gowşurylar
Beglow Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebiniň mugallymlaryny we okuwçylaryny Sankt-Peterburga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 24-nji Peterburg halkara forumyna gatnaşýar
Türkmenistan bilen Peterburgyň arasynda gurluşyk we senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk ylalaşyldy
Türkmenistan we Sankt-Peterburg senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar