Premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň hökümeti tarapyndan “Sankt Peterburg bilen halkara hyzmatdaşlykda aýratyn hyzmaty üçin” diýen aýratyn nyşany bilen sylaglandy.
Şol sanawda prezidentiň ogly şäheriň gubernatory Aleksandr Beglowdan soňra ikinji orunda gelýär.
Döşe dakylýan nyşany Ýerewanyň häkimlik edarasynyň daşary gatnaşyklar uprawleniýesiniň başlygy Dawid Geworgýan, Sankt Peterburgyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ýewgeniý Grigorýew, Russiýanyň Federal Geňeşiniň federal ýygnagynyň başlygy Walentina Matwiýenko we beýlekiler alar.
8-nji iýulda DIM Raşid Meredow we premýer-ministriň türkmen-rus gatnaşylary boýunça jogapkär wekili Serdar Berdimimuhamedow Sankt Peterburgyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Ýewgeniý Grigorýewiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen rus delegasiýasy bilen duşuşdylar.
3-nji iýunda bolsa, prezidentiň ogly Sankt Peterburgda geçen halkara ykdysady forumda gubartantor Aleksandr Beglow bilen duşuşypdy.The post Peterburgyň hökümeti Serdar Berdimuhamedowy “Halkara hyzmatdaşlykda aýratyn hyzmaty üçin” sylaglady first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
