Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda resmi saparda bolýan Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy duşenbe güni kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy we geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň “Peterburgskiý dnewnik” (Peterburg gündeligi) neşiri habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-peterburg işewürlik forumyny guramak, Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň täze Arkadag şäheriniň arasynda doganlyk şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem Sankt-Peterburgda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pragynyň ýadygärligini gurmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de söhbetdeşligiň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň alymlar topary tarapyndan Žores Alfýorow adyndaky türkmen elektronika we nanotehnologiýa institutyny döretmek baradaky teklibiň öňe sürülendigi bellenildi.

Mundan başga-da, Aleksandr Beglow Sankt-Peterburgyň daşary ykdysady we halkara işlerinde türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mundan beýläk hem möhüm ähmiýete eýe bolup galjakdygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Beglow Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebiniň mugallymlaryny we okuwçylaryny Sankt-Peterburga çagyrdy
Türkmenistan bilen Peterburgyň arasynda gurluşyk we senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk ylalaşyldy
Türkmenistan we Sankt-Peterburg senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komiteti Türkmenistan ilen gatnaşyklary ösdürýär
Serdar Berdimuhamedowa Sankt-Peterburgyň hormat nyşany gowşurylar