Türkmenistan bilen Peterburgyň arasynda gurluşyk we senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk ylalaşyldy

Türkmenistan bilen Peterburgyň arasynda gurluşyk we senagat ulgamynda hyzmatdaşlyk ylalaşyldy

4-nji iýunda Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SHYF-2021) çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Sank-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowyň wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi.

Sankt-Peterburg şäherinde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar Sankt-Peterburgyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar, şol sanda senagat pudagyndaky hyzmatdaşlyk babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

“SHYF-2021” 2-5-nji iýun aralygynda geçirilýär. “Expoforum” sergi we maslahatlar merkezinde 4 günüň dowamynda ykdysadyýetiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşylýar. Foruma döwlet edaralarynyň hünärmenleri, iri kompaniýalaryň, korporasiýalaryň we banklaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Beglow Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebiniň mugallymlaryny we okuwçylaryny Sankt-Peterburga çagyrdy
Russiýaly gubernatorlar Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar
Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 24-nji Peterburg halkara forumyna gatnaşýar
Türkmenistan we Sankt-Peterburg senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Sankt-Peterburgyň Daşary gatnaşyklar boýunça komiteti Türkmenistan ilen gatnaşyklary ösdürýär