Aşgabatda GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy kabul edildi

Aşgabatda GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy kabul edildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy.

19-njy iýulda bolan gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem sebitdäki halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar Türkmenistanyň ählumumy ulag dialogyna işjeň gatnaşmagy barada pikir alyşdylar, ýurduň ulag ulgamynyň halkara ulag infrastrukturasyna integrirlenmegi üçin bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, giňeltmäge we içerki ulaglary birleşdirmek üçin täze ulag we aragatnaşyk torlaryny döretmäge gönükdirilen giňişleýin milli maksatnamalaryň, şeýle hem ýurtda multimodal ulagyň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezleriniň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler.

B.Karimow halkara ulag geçelgeleriniň, awtoulag ýollarynyň ýagdaýyny we ösüşini gowulandyrmaga, ýol howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem ulag we ýüklerdäki päsgelçilikleriň sanyny azaltmaga ýardam etmäge gönükdirilen 6-njy halkara awtoulag ýörişiniň üstünlikli geçirilmegine ýardam edilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanda ýol gurluşygy pudagynda ýokary tehnologiýaly täzeçillikleriň ornaşdyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasy geçirildi
BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär
BMG raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi
Türkmenistanyň Watikandaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy
Türkmenistanyň Watikandaky ilçisi Rim Papasyna ynanç hatlaryny gowşurdy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary