Öňümizdäki dynç günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna baý medeni çäreler garaşýar.Medeni çäreler olaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri we dynç almaklary üçin uly mümkinçilik berer. 20-nji iýunda sagat 18:00-da Art-bazar galereýasynda meşhur türkmen ýazyjysy, şahyr we dramaturg Hemra Şirowyň döredijiligine bagyşlanan interaktiw Neo-şygryýet sergisi açylar.
Sergide Hemra Şirowyň içki dünýäsi janlandyrylar we onuň şygryýetiniň täze görnüşlerini döretmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda alyp baran gözlegleriniň netijeleri görkeziler. 20-21-nji iýunda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçiriler.
Disney & Pixar atly aýdym-saz maksatnamasynda meşhur animasion filmleriň sazlary instrumental görnüşde ýerine ýetiriler.Olaryň hatarynda Şir patyşasy, Kung-fu panda, Sowuk ýürek, Koko syry, Madagaskar, Ratatuý, Ýokary, Moana we beýleki filmleriň sazlary bar. 21-nji iýunda sagat 15:00-da Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynda Pikirler gijesi atly interaktiw çäre geçiriler.
Maksatnamada emeli aňyň mümkinçiliklerine, daşky gurşawy goramaga we sungata bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler bolar. Şeýle hem myhmanlar üçin ýaş türkmen zehinleriniň çykyşlary bilen baýlaşdyrylan aýdym-sazlar ýaňlanar.Aşgabadyň teatrlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny dynç günlerinde görkeziljek sahna oýunlaryna tomaşa etmäge çagyrýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry: 20.06.2026 Hoşlaşasym gelenok 19:00.Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry: 20.06.2026 Super gaýyn ene 19:00; 21.06.2026 Aýdym-sazly konsert 19:00.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry: 20.06.2026 Söýgi duralgasy 19:00; 21.06.2026 Oýun bir, maza iki 19:00.A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry: 20.06.2026 Maşa we Aýy 12:00; 20.06.2026 Oýlap tapyjy aşyk 19:00; 21.06.2026 Doktor Aýbolit 11:00; 13:00; 21.06.2026 1941-nji ýylyň zenanlary alty gelin 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry: 20.06.2026 Şadyýan sazandarlar 17:00; 20.06.2026 Ýartygulak 19:00; 21.06.2026 Janly gurjaklar 12:00 we 17:00; 21.06.2026 Çagaly öý bazar 19:00.
Teatrlara barmazdan ozal, kassalardan tertipnamanyň üýtgemändigini anyklamak maslahat berilýär.
