Tahyr Ataýew: Çagalar we ene-atalar üçin Multkonsert

Tahyr Ataýew: Çagalar we ene-atalar üçin Multkonsert

25-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda maşgala bolup tomaşa etmek üçin niýetlenen Multkonsert geçiriler.Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriň ýerine ýetirmegindäki sazyň astynda teatryň sahnasynda Disney we Pixar kinokompaniýalarynyň meşhur multfilmleriniň gahrymanlary janlandyrylar.

Olaryň arasynda Moana, Enkanto, Şrek we beýlekiler bar.Tomaşaçylaryň öňünde sazanda bolmagy arzuw edýän Kokonyň syry açylar, şeýle hem öý haýwanlarynyň başdan geçirmelere baý durmuşy janlanar.Multkonserte bilelikde tomaşa etmek hem çagalara, hem ene-atalara uly lezzet berer.

Konsert sagat 19:00-da başlanýar.Petekleri satyn almak boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 55-90-15, +99362 53-28-71.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda geçiriljek medeni çäreler: Neo-şygryýetden Disney sazlaryna we Pikirler gijesine çenli
Boko Haram tarapyndan mekdebe guralan hüjümde 2 adam ýogaldy
ÝER EÝESI RUSSIÝA