Aşgabatda geçiriljek sergä 100-e golaý türk kompaniýasy gatnaşar

Aşgabatda geçiriljek sergä 100-e golaý türk kompaniýasy gatnaşar

Aşgabatda şu ýylyň 6 — 8-nji dekabry günlerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, sergä Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.Gatnaşyjy kompaniýalar, esasan, senagat ugurly kärhanalar üçin tehnologik enjamlary, gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, suw arassalaýjy we üpjünçilik ulgamynyň enjamlaryny, binalaryň ýyladyş, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny, şeýle hem barlaghana enjamlaryny, öý hojalyk tehnikasynyň dürli görnüşlerini, ýuwujy serişdeleri öndürmek, bank, saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň enjam üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady hem-de wise-premýere bu ýurduň eksport harytlarynyň sergisine we işewürler maslahatyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen-türk söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara ýetirmek meýilleşdirilýär
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ylym we tehnika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýar
Türkmen-türk hyzmatdaşlygynda täze resminamalar toplumyna gol çekildi