Aşgabatda "Gül-Bilbil" operasynyň taýýarlyk işleri tamamlandy

Aşgabatda "Gül-Bilbil" operasynyň taýýarlyk işleri tamamlandy

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda şu ýyl doglan gününe 300 ýyl dolýan Abdylla Şabendäniň dessany esasynda Gül-Bilbil operasy taýýarlanyldy. Operanyň sazyny Türkmensitanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýew, librettosyny Türkmensitanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Ony Türkmensitanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow sahnada goýdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Dessanyň wakalary diňe bir Zemin üstünde däl, eýsem periler mekanynda hem bolup geçýär, ol ýerde ykbalyny bir-birege ömürlik baglamk üçin peri Gül bilen batyr Bilbil duşuşýarlar.

Gül-Bilbil operasysyndaky partiýalaryň ählisini diýen ýaly Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarydyr mugallymlary ýerine ýetirýärler. Galyberse-de, sahna eseriniň dirižýory-da TMK-nyň 3-nji ýyl talyby Döwletmämmet Ökdirowdyr.

Operanyň owadan sazy, artistleriň ajap labyzly sesi, gahrymanlaryň kaşaň lybaslarydyr gözel sahna bezegi eseriň gyzykly ýordumynyň üstüni ýetirýär.

Gül-Bilbil operasynyň premýerasy şu ýyl Lebap welaýatydna geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde 24-nji iýunda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda bolar.Türkmenabadyň ýaşaýjylary ilkinjiler bolup dessanyň gahrymanlarynyň hoş owazlaryndan lezzet alyp bilerler.

Esasy partiýalary Leýli Ökdirowa (Gül), Türkmensitanyň halk artisti Atajan Berdiýew (Bilbil), Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden Altyn asyr bäsleşiginiň baýragynyň eýesi Begenç Gaýypow (Nasyr şa), Türkmensitanyň at gazanan artisti Bibi Amanowa (Bilbiliň ejesi) dagy ýerine ýetirýärler.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly adyndaky teatrda Gül-Bilbil operasy görkezildi
Üç asyrdan bäri saýraýan bilbil
Bilbil sahnada saýranda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işgärleriniň 70-e golaýyny sylaglady
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Beýik Pyragy we Nury Halmämmet atly aýdym-sazly dabara