Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görülýär

Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görülýär

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek, baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.Medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde, seýilgählerde, suw çüwdürimlerinde abatlaýyş we abadanlaşdyryş, dürli görnüşli bezeg baglaryny, gülleri ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Köçeleriň, ýaşaýyş toplumlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik edilýär, şäheriň baýramçylyk bezegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere paýtagt şäheriň ähli künjeklerinde abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň talabalaýyk geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli medeni çäreleri geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada aýtdy. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli senenamanyň şanly senesi — ýurtda hem-de halkara derejede giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Sowet döwründen galan köne awtobuslar köçelerden aýryldy, täze awtobuslar azlyk edýär Türkmenabat
Türkmenabat: pagta möwsüminde ýatyrylan awtobus ugurlary heniz-de dikeldilmedi
Aşgabatda Remezan aýynyň öňüsyrasynda itler we pişikler ýok edilýär
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda nähili medeni çäreler geçiriler?!
Döwletjan Ýagşymyradow — Simon Biýong: bu tutluşykdan nämä garaşmaly we oňa nähili tomaşa etmeli
Daşoguz welaýatynyň çäklerinden Horezmşalar döwrüne degişli altyn-kümüş teňňeler tapyldy