Sowet döwründen galan köne awtobuslar köçelerden aýryldy, täze awtobuslar azlyk edýär Türkmenabat

Sowet döwründen galan köne awtobuslar köçelerden aýryldy, täze awtobuslar azlyk edýär  Türkmenabat

Geçen hepdäniň ortalarynda Türkmenabatda sowetler döwründen galan köne, hususy awtobuslaryň gatnawy bes edilip başlandy. Ýerli ýaşaýjylar olaryň ornuna şäherde soňky ýyllarda has giň peýda bolup başlan täze, döwlet awtobuslarynyň ýerli ilatyň talabyny kanagatlandyrardan kemter galýandygyny aýdýarlar.

“Onsuz hem şäherde hereket edýän döwlet awtobuslarynyň sany az diýip ýördük welin, 7-nji maýdan başlap, Sowet Soýuzy döwründen galan köne, hususy awtobuslaryň gatnawy bes edildi. Bu ulaglar esasan S.A Nyýazow köçesiniň ugry boýunça hereket edýärdi” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Azatlyk Radiosy gündogar welaýatda köpçülikleýin transport serişdeleriniň üpjünçiligi bilen bagly ýyllarboýy dowam edýän problemalar barada yzygiderli habar berip gelýär.

Awtobuslar köpeldi, ýöne...2024-nji ýylyň bahar aýlarynda hökümet Lebap awtoulag önümçilik birleşigine “Toyota” kysymly 200 sany täze awtobus berdi. Has ozal, bu kärhananyň inwentarlarynda “Iran Hodro” we “Hyundai” ýaly dürli kysymly awtobuslaryň başga-da 200 sanysy bardy.

Resmi sanlara görä, 1 million 400 müň çemesi ilaty bolan welaýatyň sebit merkezinde 230 müňden gowrak ilat bar.

Türkmenabat şäherinde iki sany iri köçe bar, olaryň biri Bitarap Türkmenistan şaýoly, beýlekisi S. A Nyýazow şaýoly.

1, 6, 13, 10 we 7A belgili awtobuslar Nyýazow köçesiniň ugrunda, 2, 8 we 7 belgili awtobuslar Bitarap Türkmenistan şa ýolunyň ugrunda hereket edýär.

Döwlet awtobuslary bilen bir hatarda Türkmenabatda öňden bäri sowetler döwründe galan “Gaz-53” kysymly awtobuslar hereket edýärdi. Bu awtobuslar hususy eýeçilige degişli bolup, olaryň ýol kireýleri sürüjiler tarapyndan bir manat hökmünde bellenipdi. Täze awtobuslaryň ýol kireýleri 50 teňňe.

Şäher ýaşaýjylary öňden bäri Türkmenabatda köpçülik transport serişdeleriniň üpjünçiliginden şikaýat edip gelýärler.

Täze awtobuslaryň gatnawy ýyllarboýy seýrek bolmagynda galdy, köne awtobuslar ýolagçylara komfort hödürläp bilmedi, türkmenabatlylar bu ulaglaryň erbet ysyndan hem-de arassaçylyk ýagdaýyndan şikaýat edip geldiler.

Ahyrsoňy, bu awtobuslaryň şäher içi gatnawlary bes edilýän ýaly bolup görünýär. Bu ýagdaý, ýerli ýaşaýjylara görä, ilatyň transport üpjünçiligini kynlaşdyrýar.

“Men irden sagat 6:00 töwereklerinde bazara gitdim. Köpçülik transport serişdeleri her gün irden 7:00-da gatnap başlaýar. Döwlet awtobuslary seýrek, hususy awtobuslaryň ýoklugy bolsa, derrew bildirýär. Köçeler boşap galdy” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berýär.

Awtobuslaryň gatnaw tertibine görä, döwlet awtobuslary şäheriň köçelerinde agşam sagat 9:00-a çenli gatnaýar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar gijöýlän sagat 5:00 töwereklerinde awtobus gatnawlarynyň göz-görtele kemelýändigini aýdýarlar.

“Men öňler hemişe bir manat töläp, hususy awtobuslarda işden öýe gaýdýardym. Indi bolsa, 7 manat ýol kireý töläp, taksi hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýaryn” diýip, beýleki bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy hususy awtobus gatnawlarynyň ýatyrylmagy boýunça şäher häkimliginden goşmaça maglumat almaga synanyşdy, ýöne bu synanyşyk häzirlikçe netije bermeýär.

Hytaýda öndürilen awtobuslar peýda bolýarTürkmen hökümeti şu ýylyň başynda Hytaýdan ýene-de 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn almagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.

Döwlet media serişdelerinde hytaýda öndürilen awtobuslar barada wideo reportažlar efire berildi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri ýaňy-ýakynda bu ýurtda öndürilen we elektrik energiýasy bilen işleýän awtobuslaryň Aşgabatda düşürilen suratlaryny paýlaşdy. Redaksiýa howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, bu suratlary çap etmekden saklanýar.

Çeşmeler täze elektrobuslaryň häzirki wagtda Teke bazar bilen Arkadag şäheriniň arasynda gatnaýandygyny aýtdylar.

Hökümetçi neşirler Lebap awtoulag önümçilik birleşiginiň 2024-nji ýylyň dowamynda 22 million çemesi ýolagça hyzmat edip, takmynan 23 million manatlyk iş edendigini aýdýar.

Bulardan başga-da, gündogar welaýatda köpçülik transport serişdeleri geçen ýylyň güýz aýlarynda pagta kampaniýalaryna çekildi. Bu ýagdaý ýolagçy gatnawlaryna ýaramaz täsir etdi.

Munuň yz ýany, gatnawlar birnäçe aýlap gaýtadan dikeldilmedi. Fewral aýynda bu problema barada Azatlyk Radiosynda çykan habarlardan soňra, awtobus gatnawlary gaýtadan ýola goýuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat: pagta möwsüminde ýatyrylan awtobus ugurlary heniz-de dikeldilmedi
Daşoguzda döwlet awtobuslarynyň onlarça sürüjisi iş taşlady
04.08.2017 | Türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik ulagynyň binýady täzelenýär
15.01.2018 | 2018-nji ýylda şäherara ugurlarynda täze amatly awtobuslaryň onlarçasy ýolagçylary gatnadyp başlar