Aşgabatda halkara maslahat geçirildi

Aşgabatda halkara maslahat geçirildi

Düýn 27-nji martda paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri atly halkara maslahat geçirildi. Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, bagşy-sazandalaryň we skripkaçylaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Bellenilişi ýaly, syýahatçylyk beýleki pudaklaryň köpüsi ýaly, diňe bir parahatçylykdan hem-de durnuklylykdan peýdalanman, eýsem, medeni aýratynlygy, mirasy gorap saklaýar we ösdürýär.Forumda çykyş edenler bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi jemläp, häzirki wagtda bu ulgamyň ösmegi üçin döredilen ähli şertleri göz öňünde tutup, döwletimiziň daşary ýurtlarda syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem syýahatçylyk önümleriniň ähli görnüşini öz içine aljak Bir syýahatçylyk tutuş sebit atly bilelikdäki maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri atly halkara maslahat döwletimiziň syýahatçylyk pudagynda gazananlaryny, öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalaryň häzirki zaman ösüşlerini açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Akylly şäherler geljegiň şäheri
Türkmenistanda akylly şäher konsepsiýasy boýunça halkara maslahat geçirildi
Türkmen telekeçileri Bakudaky oba hojalyk sergisine ilkinji gezek gatnaşarlar
2026-njy ýylda hökman baryp görmeli 25 ýer
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen eminleri halkara seminarda kabaddi boýunça taýýarlyk geçdiler