Aşgabatda Halkara Nowruz güni mynasybetli ýörite awtobus gatnawy hereket eder

Aşgabatda Halkara Nowruz güni mynasybetli ýörite awtobus gatnawy hereket eder

2024-nji ýylyň 21-22-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriljek Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk günlerinde 72-lik Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi ugry ýola goýulýar. Awtobus gatnawy 2024-nji ýylyň 21-nji martyndan başlap hereket eder. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenawtoulaglary agentliginiň Awtomobil ulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat-Arçman-Aşgabat awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi
Prezidentiň Mara sapary döwründe ak reňkde bolmadyk ulaglar tussag edildi’, hereket çäklendirildi
Türkmenistanda Aşgabat Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy
Türkmenistanda halkara derejeli sürüjileri taýýarlamak boýunça okuw merkezi açylar
Türkmenistan Halkara Nowruz gününi belleýär
Täjigistanyň Prezidenti: dünýä 2024-nji ýylda azyk üpjünçiliginde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar