Täjigistanyň Prezidenti: dünýä 2024-nji ýylda azyk üpjünçiliginde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar

Täjigistanyň Prezidenti: dünýä 2024-nji ýylda azyk üpjünçiliginde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon halkyny Nowruz baýramy bilen gutlagynda 2024-nji ýylda dünýäde azyk üpjünçiligi babatda kynçylyklaryň dörejekdigini belledi. Ol munuň bilen baglylykda, raýatlary ähli bar bolan azyk gorlaryny oýlanyşykly çemeleşmäge çagyrdy diýip, Daryo.uz ýazýar.

Synlamalara we seljermelere laýyklykda, 2024-nji ýylda dünýä jemgyýetçiligi öňki ýyllardaka garanyňda, azyk üpjünçiligi boýunça has çylşyrymly we agyr ýagdaýlara uçrap biler.Häzir dünýäde 80-den gowrak ýurduň ýaşaýjylary hasylsyzlykdan we açlykdan ejir çekýär. Şonuň üçin biz ähli bar bolan gorlarymyzy hem-de mümkinçiliklerimizi, ýakymly howa şertlerimizi, aýratyn-da suwy we topragy akylly-başly we täsirli ulanmalydyrys diýip, Täjigistanyň döwlet Baştutany özüniň Gutlagynda aýtdy.

Rahmon planetanyň ilatyny howanyň üýtgemegi, guraklyk, şeýle-de çylşyrymly syýasy ýaýdaý bilen baglylykda, azyk bilen üpjün etmegiň barha kyn düşýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Duşenbede Dostluk agşamy atly bilelikdäki konserte tomaşa etdiler
Emomali Rahmon Nowruz baýramy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Nowruz baýramy bilen gutladylar
Gazagystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Ýeňiş güni Moskwa bararlar