Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Nowruz baýramy bilen gutladylar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Nowruz baýramy bilen gutladylar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa bahar paslynyň, täzelenişiň hem-de ýaşaýşyň dabaralanmagynyň baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny ugratdylar.

Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary gutlag hatlarynda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.

Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň Prezidenti: dünýä 2024-nji ýylda azyk üpjünçiliginde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar
Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Duşenbede Dostluk agşamy atly bilelikdäki konserte tomaşa etdiler
Emomali Rahmon Nowruz baýramy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburga iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy