Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburga iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburga iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda belent mertebeli myhmanlaryň Sankt-Peterburgda bolmagynyň maksatnamasyna laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Russiýanyň medeni paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp gördüler. Hususan-da, “Pawlowsk” döwlet muzeý-goraghanasynyň, Puşkin şäherçesindäki “Sarskoýe selo” döwlet muzeý-goraghanasynyň, “Petergof” döwlet muzeý-goraghanasynyň ekspozisiýalary bilen tanyşdylar.

Günüň ikinji ýarymynda Konstantin köşgünde ýerleşýän “Kongresler köşgi” döwlet toplumynda resmi däl sammit geçirildi. Döwlet Baştutanlary sebitleýin we halkara meseleleri, şeýle hem GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Aşgabada ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Wolynkin Prezident Serdar Berdimuhamedowy iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanynyň resmi däl sammite gatnaşmagynyň GDA ýurtlarynyň halklarynyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygyna ygrarlylygyň, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändiginiň nyşanydygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Analitika: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary СOP-28-de nähili garaýyşlary öňe sürdüler?!
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Gazagystana sapar bilen barar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Sankt-Peterburg, Ýewraziýa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Etdi