Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramy bilen gutladylar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramy bilen gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol maşgalasy bilen, şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida maşgalasy bilen Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Täze ýyl baýramy bilen gutladylar.

Şeýle hem daşary ýurtly Prezidentler öz gutlag hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentine täze — 2024-nji ýylda berk jan saglyk, alyp barýan işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze gutlag hatyny iberdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Döwletara gatnaşyklaryň gerimi giňeldilýär
Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kärdeşine awtobus heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada bolan awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi
Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy