Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada bolan awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada bolan awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella ýurduň Wenesiýa şäheriniň ýakynynda bolan, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kärdeşine awtobus heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň ozalky Premýer-ministriniň aradan çykmagyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi