6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanda 4 sany täze metjit açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Duşenbe şäherinde Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi, Türkiýede Türkmen howa ýollary üçin uçarmanlar taýýarlanar we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň welaýatlarynda 4 sany täze metjit açyldy.Açylyş dabaralary Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Ruhubelent şäherçesinde, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde, şeýle hem Mary welaýatynyň Sakarçaga etrabynyň Şatlyk şäherçesinde geçirildi. 2.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.Ikitaraplaýyn türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy we ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi. 3.

Türkmenistan awiakompaniýasy dowamlylygy 4 ýyl möhleti bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine okuwa kabul edilşigi yglan edýär. 4.Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistana resmi saparynyň ikinji gününde Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleriniň, taryhyň, medeniýetiň, ruhy we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygy esasynda ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle berk binýady bolan ýurtlar hyzmatdaşlygyň bilelikdäki meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler, sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça netijeli dialogy alyp barýarlar. 5.

Türkmenistanyň telekeçileri 16 19-njy maý aralygynda Buharestde her ýyl geçirilýän sarp ediş harytlarynyň halkara sergisine gatnaşarlar.Sergi meýdançasynda dokma önümleri, egin-eşik, aýakgap, gurluşyk, ýyladyş tehnikalary, santehnika, kosmetika, parfýumeriýa, oýunjaklar, azyk önümleri ýaly ugurlar boýunça harytlar görkeziler.

Türkmen işewürleri täze müşderiler we hyzmatdaşlar bilen duşuşmaga, täze şertnamalar baglaşmaga mümkinçilik alarlar. 6.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady.Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin-de dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda hem ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär.

Dünýäde 7.Kaliforniýa uniwersitetiniň gözlegçileri hatda ChatGPT ýaly iň ösen emeli aň modelleriniň hem çagalaryň akyl ýetiriş we döredijilik ukyplary bilen bäsleşip bilmejekdigini subut etdiler.Synagyň dowamynda 3 ýaşdan 5 ýaşa çenli çagalar topary, şeýle hem birnäçe ulular, dürli predmetleriň adaty bolmadyk usulda ulanylmagyny talap edýän meseleleri çözmek üçin ChatGPT çat-boty bilen bäsleşdiler. Çagalar we ulular meseleleri aňsatlyk bilen çözýärdiler, ähmiýetsiz, ýöne täsirli çözgütleri tapyp, predmetleri gytaklaýyn maksatlar üçin ulanýarlar.

Bu adamlaryň emeli aňdan tapawutlylykda, abstrakt pikirlenip, predmetleriň gizlin mümkinçiliklerini görmäge ukyplydygyny görkezýär. 8.Bangkok, Hoşimin we Kuala-Lumpur şäherlerine uçýan russiýaly syýahatçylar alternatiw awiakompaniýalarynyň arasynda Türkmen howa ýollaryny has köp saýlaýarlar. Şu ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli şeýle uçuşlaryň dolulyk derejesi 90%-den geçdi.

Bu ädim russiýaly syýahatçylar üçin has amatly şertleri üpjün edýär we goşmaça mümkinçilikleri açýar.Sport habarlary 9. Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 6-njy tapgyry başlaýar.

Günüň maksatnamasy Şagadam Energetik we Nebitçi Ahal oýunlary bilen açylar.Iki oýun hem 16:00-da başlar. 16:30-da tomaşaçylar paýtagt derbisine tomaşa ederler, onda Altyn asyr bilen Aşgabat toparlary duşuşar.

Arkadag stadionyndaky oýun 17:00-da başlar, onda Türkmenistanyň çempionatynyň lideri Köpetdagy kabul eder.Bäş tapgyrdan soň 12 utukly Arkadag topary ýaryşyň başyny çekýär. 9 utukly üç topar ikinji ýerde barýar: Şagadam, Ahal we Merw.

10.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine, 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda üstünlikli çykyş eden halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijilerine gutlag iberdi.Döwlet Baştutany häzirki wagtda 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini toplumlaýyn esasda taýýarlamak, şeýle hem olara ýokary derejedäki amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine ýola goýuljak uçuşlaryň wagty belli boldy
Aşgabat — Milan uçuşlary üçin petekler onlaýn satuwa çykarylýar