“Türkmenhowaýollary” täze Boingleri satyn alýar, emma içerki gatnawlary kemeldýär

“Türkmenistanyň Hronikasyna” mälim bolşuna görä, “Türkmenhowaýollary” içerki liniýalarda uçar gatnawlarynyň sanyny kemeldýär.

Şu hepdeden başlap, Mary we Daşoguz aralygyndaky uçar gatnawlary doly bes edilýär. Ozal olar hepdede iki gezek, penşenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylýardy.

Daşoguz bilen Aşgabat arasyndaky gündelik uçar gatnawlary altydan üçe çenli kemeldilýär. Awiakompaniýanyň işgärleri bu ýagdaýy uçar gatnawy üçin ýeterlik ýolagçynyň ýokdugy bilen düşündirýärler, şol bir wagda bu çäräniň wagtlaýyndygyny aýdýarlar.

Ikinji tarapdan, TDH habar gullugy “Türkmenhowaýollarynyň” täze “Boeing-737-800” kysymly uçary satyn alandygyny habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, bu amerikan kompaniýasy bilen 2014-nji ýylda uçar söwdasy barada baglaşylan şertnama esasynda satyn alnan üçünji uçar bolup durýar.

“Türkmenistanyň raýat awiasiasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilýän döwründe şeýle howa ulaglarynyň sany yzygiderli artdyrylar we bu ýagdaý öz gezeginde Aşgabatdan Milana (Italiýa Respublikasy), Jidda (Saud Arabystany), Hoşimine (Wýetnam), Tährana (Eýran Yslam Respublikasy), Tbilisä (Gruziýa), Daşkende (Özbegistan Respublikasy) we beýlekilere meýilleşdirilýän täze howa gatnawlaryny açmaga mümkinçilik berer diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty ýazýar.

Bellemeli ýeri, “Türkmenhowaýollary” diňe 2016-2017-njy ýyllarda ýedi uçar gatnawynyň Aşgabatdan Duşenbä, Kiýewe, Tährana, Milana, Bişkege, Tbilisä, Astrahana, Kazana açyljagyny habar berdi. Häzirki pursatda bulardan diňe Kazana uçar gatnawy ýola ýoýuldy, emma bu uçaryň ýolagçy orunlarynyň dörtden biriniň dolýandygy aýdylýar.

Mundanam başga, “Türkmenhowaýollarynyň” ozal Riga, Toronta we Kuala-Lumpura uçar gatnawlary ýatyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Hünärmenler täze halkara reýsleriň daşary ýurtlulary, Türkmenistana girizmeden, üstaşyr geçirmäge niýetlenendigini aýdýarlar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy dört ugur boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Jidda we Hoşimin şäherlerine awiapetekleriň onlaýn-satuwyny açdy
Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine ýola goýuljak uçuşlaryň wagty belli boldy
Aşgabat — Milan uçuşlary üçin petekler onlaýn satuwa çykarylýar
Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer