Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde Hindi kinosynyň festiwalyny guraýar. Festiwal 2026-njy ýylyň 2024-nji ýanwary aralygynda Aşgabat kinoteatrynda geçiriler.
Festiwalyň çäklerinde dürli žanrlara we döwürlere degişli bolan dokuz sany hindi filmi tomaşaçylara hödürlener:
20-nji ýanwar, sişenbe, 17:00 — RRR: Töwerekde rewolýusiýa möwç alýar (2022)
21-nji ýanwar, çarşenbe, 11:00 — Zita we Gita (1972)
21-nji ýanwar, çarşenbe, 17:00 — 12-nji şowsuzlyk (2023)
22-nji ýanwar, penşenbe, 11:00 — Disko tansçysy (1982)
22-nji ýanwar, penşenbe, 17:00 — 83 (2021)
23-nji ýanwar, anna, 11:00 — Ar alyş we kanun (1975)
23-nji ýanwar, anna, 17:00 — Rakşa Bandhan (2022)
24-nji ýanwar, Şenbe, 11:00 — Ingliş-wingliş (2012)
Filmleriň ählisine tomaşa etmek üçin giriş tölegsiz
