Aşgabatda rus kinosynyň festiwaly geçirilýär

Aşgabatda rus kinosynyň festiwaly geçirilýär

Aşgabatda mart aýynyň 27 29-y aralygynda, Arkaç söwda we dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda rus kinosynyň festiwaly geçirilýär.Maksatnamany režissýor Igor Woloşiniň Alekseý Tolstoýyň meşhur maşgala çeper filmi bolan Buratino (2025) ertekisiniň täze düşürilen nusgasy açdy.

Açylyş dabarasynda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň paýtagty eýýäm birnäçe ýyldan bäri tomaşaçylary häzirki zaman rus kinosy bilen tanyşdyrýan duşuşyk mekanyna öwrülýär.Sizi owadan we myhmansöýer Aşgabatda rus kinosynyň festiwalynyň açylyş dabarasynda görendigime tüýs ýürekden begenýärin. Şeýle däbiň emele gelendigine örän şat. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň we Türkmenistanyň doganlyk halklarynyň arasyndaky medeni dialogy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýan ynsanperwer başlangyçlarymyzy yzygiderli goldaýandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa öz hoşallygymy bildirýärin diýip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin öz çykyşynda belledi.

Festiwal Roskino kompaniýasy tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen guraldy.Bu ýyl iki ýurduň medeniýetlerini birleşdirýän çärede diňe täze rus filmleri görkeziler: Maksim Wolkow tarapyndan surata düşürilen Dinozawrlaryň lukmany atly kino (2025) mekdep okuwçysy Fil Dinozawrowyň başdan geçirenlerini beýan edýär.

Režissýorlar Aleksandr Babaýewiň we Wasiliý Rowenskiniň Gnomlaryň hazynasy (2025) atly filminde goňşusynyň mirasyny ele geçirmek isleýän Roma atly başdan geçirmeleri halaýan adam bilen bagly garaşylmadyk ýagdaýda gnomlaryň ýaşaýan jaýyna eýe bolmagy barada hyýaly wakalar bolup geçýär.

Aleksandr Amirowyň režissýorlyk eden Gurbaga şaperisi (2025) atly filmi nusgawy rus halk ertekisine täzeçe garaýşy hödürleýän maşgala filmi görnüşinde surata düşürilipdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ökünen gurbaga
Ak krokodil gördüňizmi?
Täze bäş görnüşi tapyldy
Ýagşylygy ündeýän “Ajaýyp multfilm”
Gurbaga