Aşgabatda Hytaýyň Long Yun söweş sungaty boýunça toparyň görkezme çykyşy geçirildi

Aşgabatda Hytaýyň Long Yun söweş sungaty boýunça toparyň görkezme çykyşy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň çäklerinde Hytaýyň Long Yun söweş sungaty boýunça toparyň görkezme çykyşy geçirildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahat ministrliginiň, şeýle-de HHR-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow, şeýle-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýar ilçisi Sýan Naýçeni çykyş etdiler.Olar öz çykyşlarynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlyklar bilen birlikde, bu günki günde ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlyklara, üstünliklere beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda geçirilýän Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ýylynyň geçirilmeginiň hem halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň giň gerimde ösdürilýändigine ýene bir ýola şaýatlyk edýär.

Hytaý Halk Respublikasyndan gelen myhmanlar gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýinde, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler we türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Nusaý taryhy ýadygärligine guralan gezelenç myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Long Yun söweş sungaty boýunça toparyň görkezme çykyşlary Mukamlar köşgünde geçirilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Çykyş edýän toparyň iň kiçisi 9, iň ulusy bolsa 34 ýaşyndaky türgen bolup durýar. Bu bolsa Hytaýda Long Yun söweş sungatyna aýratyn üns berilýändigini alamatlandyrýar.

Dabaranyň has-da ýatda galyjy pursatlarynyň biri hem Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hünärmeni akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hytaý diline terjime edilen goşgusyny okamagy boldy. Hytaý dilinde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň okalmagy, dünýä halklarynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligine berilýän bahanyň ýokarydygyny şaýatlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Aşgabatda hytaý söweş sungaty boýunça görkezme çykyşlary boldy
Aşgabatda Hytaý söweş sungaty boýunça çykyşlar bolar
Aşgabatda Hytaýyň Longyun söweş sungaty boýunça toparyň çykyşy görkeziler
Hytaý öz kosmonawtlaryny Aýa iberer
Budapeştde MTV Europe baýragynyň eýeleri yglan edildi