Budapeştde MTV Europe baýragynyň eýeleri yglan edildi

Budapeştde MTV Europe baýragynyň eýeleri yglan edildi

Budapeşt şäheriniň 12 müň adamlyk sahnasynda MTV Europe baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy boldy, “ýylyň aýdymy” diýlip, britan aýdymçysy Ed Şiranyň “Bad Habits” atly kompozisiýasy yglan edildi. Şiranyň bäsdeşleriniň biri Jastin Timberleýk “ýylyň aýdymçysy” diýen derejä eýe boldy.

Amerikaly rep aýdymçy Lil Nas X “iň oňat sazly wideo üçin” baýragy gazandy.

Iň oňat aýdym-saz topary diýlip, BTS günorta koreý topary, iň oňat rok-topary hökmünde “Maneskin” italýan topary ýeňiji boldular.

Dabarada dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijilere hem baýraklar gowşuryldy.

MTV Europe Music Awards baýragy 1994-nji ýyldan bäri gowşurylýar.

Dürli ýyllarda Robbi Uilýams, Tom Jons, Jastin Timberleýk we Ýewa Longoriýa onuň ýeňijileri bolupdylar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Dünýäniň iň uly tohum ammary
Hytaý öz kosmonawtlaryny Aýa iberer
Lucid Air sedany geçýän ýolunyň uzaklygy boýunça Tesla-nyň rekordyny täzeledi
Hytaý Zhongxing-9B hemrasyny üstünlikli uçurdy
Ford-uň üýtgeşik atyry