Dünýäniň iň uly tohum ammary

Dürli medeni ekinleriň tohumlary adamzadyň iýmit üpjünçiligi üçin ähmiýetli bolup durýar. Şeýle bolansoň, dünýäde tohumçylyga aýratyn üns berilýär.Ozaldan bar bolan tohumlaryň ýitip gitmezligi üçin olar köpeldilýär, ýörite ammarlarda saklanýar. Şeýle hem tohumçylyk iň girdejili pudaklaryň biridir.

Häzirki wagtda tebigy şertlere we dürli kesellere garşy durnukly, ýokary hasylly tohum sortlary döredilýär.Bu bolsa, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ähmiýetlidir.Dünýäde dürli tohum ammarlary bolup, olaryň iň täsini Norwegiýanyň Swalbard adasyndaky ammar hasaplanýar.

Demirgazyk polýusa ýakyn bolan bu adada ýylyň ähli paslynda buz gatlagy bilen örtülen ýagdaýda durýan dag eteginde 130 metr çuňlukda tohum ammary ýerleşýär.Longýir şäheriniň golaýyndaky tohumyň ýüzlerçe görnüşi saklanýan bu ammar howanyň üýtgemegi, tebigy heläkçilikler we beýleki sebäplerden haýsydyr bir ekiniň tohumy ýitip giden ýagdaýynda ulanmak maksady bilen 2008-nji ýylda guruldy. Ýeri gelende bellesek, Swalbard adalary Ýeriň iň demirgazygynda ýerleşýän ilatly (ilaty müňden köp bolan) nokat hasaplanýar.

Tohum saklamaga niýetlenen ýerasty desgada uzynlygy 27 metre, giňligi 10 metre, beýikligi 6 metre deň bolan 3 ammar bar.Bu ýerde Ýer ýüzüniň dürli ýerinden getiriljek tohumyň 4,5 million görnüşiniň her birinden 500 sany, ýagny jemi 2,25 milliard däne saklamaga mümkinçilik bar.

Häzire çenli bu ýere 6 müň görnüşli ekiniň tohumy getirilipdir.Dünýädäki ähli ösümligiň tohumyny gorap saklamak üçin gurlan ammardaky howanyň temperaturasy köp tohumyň müňlerçe ýyl zaýalanman saklanmagy üçin kadaly temperatura hasaplanýan 18 dereje sowukda saklanýar.

Bilermenler tohumlaryň görnüşine görä, 55 ýyl (günebakar) bilen 10 müň ýyl (nohut) aralygynda zaýalanman saklanyp bilinjekdigini belleýärler.Bu ýerde könelen tohumlar täzeleri bilen yzygiderli çalşylyp durulýar. Ähli tohumlar ýygnalandan soňra zerur bolmadyk halatynda girilip-çykylmajakdygy bellenilýär.

Ammaryň içiniň temperaturasy we çyglylygy Şwesiýadaky bir merkezden dolandyrylýar.Swalbard global tohum ammarynyň polatdan ýasalan dar gapysy bar.Bu ýerde tüwiniň, bugdaýyň we arpanyň has köp sorty bar.

Fasol, mekgejöwen, noýba, soýa, nohut, ýeralma, ýer pissesi, süle, çowdary hem köp görnüşi saklanýan däneler hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Hytaý öz kosmonawtlaryny Aýa iberer
Budapeştde MTV Europe baýragynyň eýeleri yglan edildi
Lucid Air sedany geçýän ýolunyň uzaklygy boýunça Tesla-nyň rekordyny täzeledi
Hytaý Zhongxing-9B hemrasyny üstünlikli uçurdy
Ford-uň üýtgeşik atyry