Ford-uň üýtgeşik atyry

Ford kompaniýasy elektroulag eýeleri üçin benzin ysyny ýadyňa salýan hoşboý atyr Mach-Eau-y hödürledi.Amerikan awtoulag kompaniýasynyň wekilleriniň pikiriçe, Olfiction parfýumeriýa kompaniýasynyň wekilleri we britan parfýumerler jemgyýetiniň hünärmeni Pia Long bu üýtgeşik atyryň üstünde uzak wagtlap işlediler.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, benzaldegid bilen üsti doldurylan gök zenjebil, lawanda, geran we sandal agajyndan hoşboý ys döretdiler.Ol täze awtoulagyň içki böleginiň häsiýetli aýratynlyklary bilen birlikde badam ysyny we tekerleriň rezin ysyny ýada salýan hoşboý maddanyň ysyny berýär.

Mustangyň hekaýasyny aýratyn hakydaňa getirmek üçin bedew atlary ýada salýan maddalar hem atyra goşuldy.Täze Ford Mach-Eau atyryny eýýäm onuň resmi web sahypasyndan sargyt edip bolýar. Ýatlap geçsek, elektrik krossoweri Ford Mustang Mach-E-niň ilkinji hödürlenişi 2019-njy ýylyň güýzünde bolup geçipdi.

Ýene degişli makalalar

Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
“Ford Otosan” elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulagyny tanyşdyrdy
“Uber”-iň ähli ulaglary elektrikli bolar
Ford-yň awtopiloty indi hatardan-hatara düzülmegi we öwrümde tizligi peseltmegi başarýar
Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler
Şa zenany Diananyň awtoulagy 765 müň dollara satyldy
Şagyzy Diananyň ulanan awtoulagy auksionda satyldy