Ford-yň awtopiloty indi hatardan-hatara düzülmegi we öwrümde tizligi peseltmegi başarýar

Ford-yň awtopiloty indi hatardan-hatara düzülmegi we öwrümde tizligi peseltmegi başarýar

Ford kompaniýasy 1.2 wersiýa çenli täzelenen ýarym özbaşdak dolandyrylýan BlueCruise ulgamynyň programma toplumyny çykardy. Ulgam indi hatardan-hatara düzülmegi, şeýle hem duýdansyz öwrümlerde tizligi peseltmegi başarýar. Täzelenen "awtopilot" eýýäm şu güýzde elýeter bolar.

Uly ýol bilen BlueCruise-i işledip barýan sürüjä täze hatara geçmek üçin desti aýlamak hökman däl: öwrümi ýakyp, hereketiň hataryny çalyşmak barada elektronika komanda bermek ýeterlik.Indi tizlige gözegçiligi täze funksiýa bolan Predictive Speed Assist jogap berýär.

Ol ulaga duýdansyz öwrümiň öň ýanynda gerekli tizlige çenli badyny awtomatik usulda haýallatmaga mümkinçilik berer.Ondan hem başga, elektronika haýallamanyň sebäbini hem duýdurýar.Onsoňam, sanawa girizilen In-Line Repositioning funksiýasy ulagyň hatarda hereket edende has tebigy bolmagyna jogap berýär.

Mysal üçin, goňşy hatarda uly göwrümli ulagy "gören" "awtopilot" awtoulagy ondan biraz gapdala sowup-süýşürer.BlueCruise ulgamyny ABŞ-yň hemme ýollarynda ulanyp bolmaz, ýöne olaryň umumy uzynlygy eýýäm 200 müň kilometrden geçýär.

Täze model ýylynyň Mustahg Mach-E-i täzelenen "awtopilotyň" oturdyljak ilkinji Ford modeli bolar.Ondan hem başga, ulgam täze Lincoln üçin hem elýeter bolar.Eýýäm satylan BlueCruise-li awtoulaglary 1.2 wersiýa çenli täzeläp boljagy-bolmajagy häzirlikçe takyklanmalaýar.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ford taryhynda iň iri zawody gurmaga başlady
Ýylyň garaşylýan filmleri
Ford täze döredilen bölümçesiniň işgärlerini 25% azaldar
Mobile TM internet dükany smartfonlary we beýleki enjamlary Türkmenistanyň ähli ýerlerine eltip berýär
Dünýäniň üçünji baý adamy yglan edildi