Ford taryhynda iň iri zawody gurmaga başlady

Ford taryhynda iň iri zawody gurmaga başlady

Ford kompaniýasy Tennessi ştatynda guruljak täze zawodyň gurluşygy barada käbir jikme-jik maglumatlary mälim etdi. Täze kärhana BlueOval City ("Mawy süýnmegiň şäheri") diýen hususy ada eýe bolar we konserniň taryhynda iň iri zawoda öwrüler. Bu ýerde batareýde işleýän, heniz tanyşdyrylmadyk bir pikap çykarylar.

Zawod 15,5 inedördül kilometr meýdany eýelär.Häzir geljekki kärhananyň ýerinde polat karkas gurluşlar dikilýär.Olary oturtmaga taýýar etmegiň barşynda gurluşykçylar ol ýerden 3,5 million kub metr topragy we 370 müň tonna daşy aýyrmaly boldular.

Bu ýerde azyndan 6 müň adam işlär.Zawody 2025-nji ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär, bir ýyldanam ol taslama kuwwatyna çykar.Bu maglumatlar heniz mälim edilenok, ýöne 2026-njy ýyldan başlap Ford her ýylda 2 million elektrokar çykarmagy we satmagy meýilleşdirýär.

Täze zawodyň başda haýsy modeli goýberip başlajagy hem heniz belli däl.Kompaniýa diňe elektromobiliň pikap boljakdygyny we "rewolýusion" boljakdygyny habar berdi.Bir çaklama görä, Ford Chevrolet-iň we Ram-yň geljekki täze ulaglary bilen bäsleşjek, häzirki Ford F-150 Lightning-e garanda has ykjam modeliň üstünde işleýän bolmaly.

Ýene degişli makalalar

AGG Lighting dükanynda lýustralaryň täze modelleri alyjylara ýetirilýär
Volkswagen we Tesla iň abraýly kompaniýalaryň sanawyndan çykdy
Saudi Aramco заявила о планах повысит цены на все сорта нефти для всех регионов
Saud Arabystany aprelde nebitiň ähli görnüşleri üçin nyrhlary galdyrmakçy
Saudi Aramco Ýewropadaky, Aziýadaky we ABŞ-daky müşderileri üçin nebitiň bahasyny ýokarlandyrdy
Aşgabatda köpçülikleýin waksina edilýär. Kerkide täze karantin zolagy guruldy