Lightyear niderland kompaniýasynyň elektromobili bir zarýad bilen 710 kilometr geçdi

Lightyear niderland kompaniýasynyň elektromobili bir zarýad bilen 710 kilometr geçdi

Lightyear One Gün batareýaly elektromobiliň prototipi sygymy 60 kWt/sag bolan akkumulýatorly awtomobil üçin rekord derejeli aralygy görkezdi. Sagatda 85 km tizlik bilen elektromobil 710 kilometr aralygy geçdi. Munuň üçin tas dokuz sagat gerek boldy.

Synag Germaniýadaky Aldenhowen synag merkezinde geçirildi.Lightyear kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, “bu elektromobiliň sygymy 60 kWt/sag bolan akkumulýator bilen geçen iň uzak aralygydyr”.Deňeşdirmek üçin, 2021-nji ýylyň Tesla Model 3 Long Range elektromobili 70 kWt/sag sygymly akkumulýator bilen ortaça 455 km ýol ätiýajyna eýedir. Öndüriji häzirki wagtda bazardaky iň netijeli elektromobilleriň hem sagatda 85 km tizlikde, takmynan, 50% köp energiýa sarp edýändigini nygtaýar.

Lightyear One uzak aralyga syýahatlar üçin ulag hökmünde işlenip düzüldi.Onuň tekerleri dört sany garaşsyz elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edildi, elektrokar 10 sekuntdan az wagtyň içinde sagatda 99 kilometre çenli bat alyp bilýär.

Awtomobiliň standart toplumyna programma üpjünçiliginiň täzelenmegi, Apple CarPlay we Android Auto girýär.Elektromobil güneşli howada her zarýad sagadynda, takmynan, 12 kilometre çenli ýoly üpjün edýän bäş sany gün paneli bilen enjamlaşdyrylandyr.

Gün panelleri awtomobiliň üçeginde we kapotynda ýerleşýär.Lightyear One elektromobiliniň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

“Öten günler” iň gowy film saýlandy
“Awatar: suwuň ugry” ähli babatda 1-nji kinodan öňe saýlanýar
Jozef Baýden Ford zawodynyň resmi taýdan hödürlän täze awtoulagynyň ilkinji alyjysy boldy
Aşgabatda meşhur orkestriň konsertleri geçdi
Tomusda okalmaly kitaplar
Kakalar gününde ekiz bäbegiň kakasy boldy