“Öten günler” iň gowy film saýlandy

“Hollywood”-yň studiýalaryndan garaşsyz filmlere berilýän abraýly sylaglaryň biri bolan “Gotham” baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. 33-nji “Gotham” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy Nýu Ýorkda geçirildi.Dabarada iň gowy film diýlip, “Öten günler” (Past Lives) filmi saýlandy.

Iň gowy artist baýragyna-da “Näbelli ýurt” (The Unknown Country) filmindäki keşbi üçin Lili Gladstoun laýyk görüldi.Ikinji plandaky iň gowy artist diýlibem “Maý, dekabr” (May December) filmindäki keşbi üçin Şarlz Melton saýlandy.

Iň gowy ssenariý baýragy “Ýykylmagyň anatomiýasy” (Anatomy of a Fall) filminiň edebi esasyny ýazanlar Žustin Trie bilen Artur Harara berildi. Şol bir wagtyň özünde bu ekran eseri iň gowy halkara film baýragyna-da mynasyp boldy. “Dört gyz” (Four Daughters) kinosy-da iň gowy dokumental film hökmünde ykrar edildi. “Müň we bir” (A Thousand and One) filmini surata düşüren A.W.

Rokwell iň gowy režissýor baýragy bilen sylaglandy.

Iň gowy serial artisti baýragyna “Beef” serialynyň aktýory Ali Wonga laýyk görüldi. “Beef” iň gowy 40 minutdan az, “A Small Light” iň gowy 40 minutdan köp serial diýlip saýlandy.

Gotham baýraklary 1991-nji ýyldan bäri “The Gotham Film & Media Institute” tarapyndan berlip gelýär. “Howply duzak” (The Hurt Locker, 2009), “Bördmen” (Birdman, 2014), “Üns merkezinde” (Spotlight, 2015), “Aýyň ýagtysy” (Moonlight, 2016), “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadland, 2020), “Hemme zat hem ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once, 2022) ýaly filmler Oskar baýragyndan öň “Gotham” baýraklarynda iň gowy film saýlanypdy.

Ýene degişli makalalar

Iň gymmat sanly sungat eseri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
General Motors 57 ýyldan bäri birinji gezek logotipini täzeledi
Altyn asyr BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär
15 million dollar maýa goýdy