Robot dirižýor orkestri alyp bardy

Günorta Koreýada işlenip düzülen adamsypat “EveR 6” atly robot ýurduň milli orkestrini alyp bardy.Robot ýurduň ussat sazandalaryndan düzülen Koreý Milli teatrynyň sahnasynda orkestriň kürsüsine geçdi.

Koreý senagat tehnologiýalary institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan robotyň adamyňka meňzeş ýüzi bar.Robot çykyşdan ozal tomaşaçylaryň öňünde hormat bilen egilmegi hem unutmady.Soňra bolsa, konsertiň heňini sazlamak üçin gollaryny hereket etdirip başlady.

Adamsypat robot Seuldaky konsertdäki bäş sazyň üçüsini alyp bardy. Bir sazy bolsa dirižýor Çoi Soo-Ýeul bilen bilelikde alyp bardy. Dirižýor Çoi robotyň hereketleriniň örän jikme-jikdigini aýdyp, oňa ýokary baha berdi. Dirižýor robotyň ýeke-täk kemçiliginiň sazy diňläp bilmeýändigidigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder
Ispaniýanyň Malaga şäheriniň polisiýasy robot-iti synagdan geçirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Günorta Koreýada 16 robot-ofisiantly restoran işleýär
Tohum ekýän robotlar ulanylýar
Gapyny açmagy öwrendi