“Awatar: suwuň ugry” ähli babatda 1-nji kinodan öňe saýlanýar

Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşan pursaty hem ahyry gelip ýetdi.Ilkinji kinosyndan 13 ýyl soň “Awatar” filminiň 2-nji kinosy “Awatar: suwuň ugry” filmi şu günden başlap, tutuş dünýäde kinoteatrlarda görkezilip ugrar.

Ussat režissýor Jeýms Kameronyň surata düşen bu filminiň dowamlygy 3 sagatdan gowrak bolup, ol 192 minutlap dowam edýär.Filmiň býujeti 350-400 million dollar aralygynda bolup, kassa ýygymynyň 3 milliard dollara golaýlamagyna garaşylýar.

Bilermenleriň bellemegine görä, film 2,9 milliard dollar gazanan ilkinji kinodan ähli babatda öňe saýlanýar.Aýratynam, ssenariý hem-de wizual effektler boýunça film iň ýokary bahany aldy.Täze filmde ozalky kinoda hem surata düşen Sem Wortington, Zou Saldanýa, Sigorni Wiwer, Stefen Lang dagynyň hataryna Keýt Winslet, Kliff Kurtis ýaly artistler hem goşuldy.

Filmdäki wakalar 1-nji kinonyň galan ýerinden dowam edýär. Wakalar Pandora planetasynda bolup geçýär. Ýene-de Nawiler bilen ynsanlaryň arasyndaky düşünişmezliker barada söhbet açylýar. Adamlar Pandoradaky käbir elementlerden peýdalanmak isleýär. Ýöne Nawiler Pandora degişli bolan şol elementleri bermek islemeýär…

Filmiň 3-nji kinosy hem taýýar bolup, ony geljek ýylyň dekabrynda kinoteatrlara goýbermeklik göz öňünde tutulýar. 2-3-nji kinolardan gazanyljak girdejä görä, režissýor 4-5-nji filmlere hem girişmegi maksat edinýär.

Ady: “Awatar: suwuň ugry” (Avatar: The Way of Water)

Režissýory: Jeýms Kameron

Keşplerde: Sem Wortington, Zou Saldanýa, Sigorni Wiwer, Stefen Lang, Keýt Winslet, Kliff Kurtis,

Ssenariçileri: Jeýms Kameron, Rikk Jaffa, Amanda Silwer

Prodýuserleri: Jeýms Kameron, Jon Landau

Kompozitory: Saýmon Franglen

Öndüriji: “Lightstorm Entertainment”, “TSG Entertainment”

Paýlaýjy: “20th Century Studios”

Dowamlylygy: 192 minut

Görnüşi: ylmy-fantastik

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Býujeti: 350400 million $

Ýene degişli makalalar

Titanik täze görnüşde kinoteatrlara dolanyp geler
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Gülgün reňkli Barbi
Hepdäniň täze animasiýalary
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan “Awatar 2” filminiň ady mälim edildi