“Blade Runner 2049”

Režissýory: Deni WillnýowKeşplerde: Raýan Gosling, Harrison Ford, Ana de Armas, Silwiýa Huks, Robin Raýt, Makkenzi Dewis, Karla Ýuri, Lenni Jeýms, Deýw Bautista, Jared LetoProdýuserleri: Andrýuw A.

Kosowe, Broderik Jonson, Bud Ýorkin, Sintia ÝorkinSsenariçileri: Hempton Fançer, Maýkl GrinKompozitorlary: Hans Zimmer, Benžamin WollfişOperatory: Rojer DikinsÖndüriji: “Alcon Entertainment”, “Columbia Pictures”, “Scott Free Productions”, “Torridon Films”, “16:14 Entertainment”, “Thunderbird Entertainment”Paýlaýjy: “Warner Bros.

Pictures”Dowamlylygy: 163 minutGörnüşi: ylmy-fantastikÝurdy: ABŞDili: iňlisçeBýujeti: 185 million $

Mundan 35 ýyl ozal, has takygy, 1982-nji ýylda Ridleý Skott tarapyndan surata düşürilen “Tygda ylgaýan” filmi köpleriň uly söýgüsini gazanypdy. Şol filmde baş keşbi ussat aktýor Harrison Ford janlandyrypdy. “Tygda ylgaýan 2049” atly täze filme kanadaly Deni Willnýow režissýorlyk etse, kinonyň baş keşbinde soňky ýyllarda şöhraty hasam artýan aktýor Raýan Gosling çykyş edýär.

Ekran eserinde başga-da Golliwudyň görnükli wekillerinden Harrison Ford, Ana de Armas, Silwiýa Huks, Robin Raýt, Makkenzi Dewis dagy hem dürli keşpleri ýerine ýetirýär.Wengriýanyň paýtagty Budapeştde surata alnan film üçin 165 million dollar çykdajy edildi.

ABŞ we Kanadadaky 4000-e golaý kinoteatrda görkezilip başlanan filme bilermenler tarapyndan ýokary baha berildi.Ozalky hadysalardan soň, 30 ýyl geçýär.Ofiser K köneden galan meseläni agtarýar we syrly wakalaryň üstünden barýar.

Gizlin maglumatlar oňa 30 ýyl ozal ýitirim bolan Rik Dekardy tapmaga itergi berýär…

Ýene degişli makalalar

Gülgün reňkli Barbi
Täze film
Täze film
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
Hepdäniň täze animasiýalary
Täze film