Täze film

“Meg” (The Meg)

Režissýory: Jon TurteltaubKeşplerde: Jeýson Stetham, Li Binbin, Rainn Wilson, Rubi Rouz, Winston Çao, Kliff KurtisSsenariçileri: Din Georgaris, Jon Hober, Erik Hober (Stiw Alteniň “Meg: A Novel of Deep Terror” atly eseri esasynda)Prodýuserleri: Lorenzo di Bonawentura, Kolin Wilson, Belle AweriKompozitory: Harri Gregson-WilliamsÖndüriji: “Warner Bros.

Pictures”, “Gravity Pictures”, “Flagship Entertainment”, “Apelles Entertainment”, “Di Bonaventura Pictures”, “Maeday Productions”Paýlaýjy: “Warner Bros.Pictures”Dowamlylygy: 113 minutÝurdy: ABŞ, HytaýDili: iňlisçeBýujeti: 130 million $.

Hereketli filmleriň belli aktýory Jeýson Stetham bu gezek äpet jandaryň garşysyna göreş alyp barýar. “Phenomenon”, “National Treasure” filmleri bilen adygan Jon Turteltaubyň režissýorlyk eden filminde Stethamdan başga-da, hytaýly owadan aktrisa Li Binbin, Rubi Rouz, Rainn Wilson, Winston Çao, Kliff Kurtis ýaly artistler dürli keşpleri ýerine ýetirýär.

Täze Zelandiýa we Hytaýda ekranlaşdyrylan filmiň býujeti 130 million dollara deň bolup, ol Demirgazyk Amerikanyň prokatlarynda ilkinji hepdesinde 1-nji orny eýeledi.Tutuş dünýä boýunça 325 million dollar toplan ekran eserine, aýratynam, hytaýly kino muşdaklary uly isleg bildirýär.Ýuwaş ummanynyň iň çuň ýerleriniň birinde gözleg-barlag işlerini geçirýän topary äpet jandar uly howp astynda goýýar.

Nesli tükenendir öýdülýän bu jandar suwasty gämidäkilere zyýan berip başlaýar.Ozalam äpet jandar bilen gabatlaşan Jonas Teýlory kömege çagyrýarlar.Teýloryň garşysynda bu gezek 22 metrlik äpet Megaladon atly akula bolup, ol topary şol jandaryň howpundan halas etmeli bolýar.

Wagt bolsa juda az…

Ýene degişli makalalar

Sungat habarlary
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Hepdäniň täze animasiýalary
Täze film
Gülgün reňkli Barbi
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…