Sungat habarlary

Kino sungatynyň iň abraýly sylagy bolan Oskar baýraklarynyň nobatdakysynyň geçiriljek senesi mälim edildi.Akademiýanyň habar bermegine görä, 92-nji Oskar baýraklary 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda hemişekiler ýaly, “Dolby” teatrynda geçiriler.

Dalaşgärler 13-nji ýanwarda mälim ediler.Oskaryň buşlukçysy hasaplanýan “Altyn globus” baýraklarynyň gowşuryljak wagty-da habar berildi.Golliwuddaky daşary ýurtly žurnalistler bileleşigi tarapyndan “Altyn globus” baýraklarynyň 77-nji gowşurylyş dabarasy-da 2020-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda geçiriler.

Birinji jahan urşy barada söhbet açýan “1917” atly täze filmiň surata düşüriliş işlerine aprel aýynyň ilkinji gününde badalga berildi.Oskarly režissýor Sem Mendesiň surata düşürjek filminde Mark Strong, Kolin Fert, Benedikt Kumberbetç, Din-Çarls Çapman ýaly iňlis aktýorlary esasy keşpleri ýerine ýetirer.

Bulardan başga-da, Daniel Meýs, Adrian Skarboro, Jeými Parker, Nabhaan Rizwan ýaly artistler hem beýleki keşpleri janlandyrar.Filmiň ssenarisini Kristi Wilson-Kairns ýazar. “Blade Runner 2049” filmi bilen Oskar baýragyny gazanan Rojer Dikins filmiň operatory bolar.

Iki iňlis esgeriniň başyndan geçiren bir güni barada gürrüň beriljek kinonyň 2020-nji ýylyň ýazynda prokata çykmagyna garaşylýar.

Bolliwudyň dünýä belli ýyldyzy Aamir Han özüniň täze taslamasy barada habar berdi.Golaýda 54 ýaşy arka atan Aamir Han 1994-nji ýylda ekranlaşdyrylan “Forrest Gump” filminiň täze nusgasynyň surata düşüriljekdigini aýtdy.

Baş keşpde çykyş eden Tom Henkse Oskar gazandyran “Forrest Gump” filminiň täze nusgasynda esasy keşbi Aamir Han janlandyrar.Filmiň ssenarisini Atul Kulkarni ýazyp, ekran eserine Adwait Çandan režissýorlyk eder.

Oktýabr aýynda surata alnyp başlanjak kino 2020-nji ýylyň ahyrlarynda muşdaklaryň dykgatyna ýetiriler.

Kanadaly pop aýdymçy Karli Rae Jepson özüniň täze albomynyň taýýarlygynyň tamamlanyp barýandygyny mälim etdi. 33 ýaşyndaky aýdymçy “Dedicated” atly 4-nji albomynyň maý aýynyň 17-sinden başlap satuwa çykaryljakdygyny habar berdi.

Zenan aýdymçynyň mundan öňki albomlary “Tug of War” (2008), “Kiss” (2012) hem-de “Emotion” (2015) bolup, olar aýdym-saz muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanypdy. “Billboard” baýragynyň eýesi Jepson tomusda ABŞ-nyň 30-dan gowrak ýerinde konsert berjekdigini hem ýatlatdy.

Ady: “Dambo”; Režis- sýory: Tim Berton; Prodýuserleri: Jastin Springer, Eren Kruger, Katterli Frauenfelder, Derek Freý; Ssenariçi: Eren Kruger (“Disney”-iň adybir animasiýasy esasynda); Keşplerde: Kolin Farrell, Maýkl Kiton, Denni DeWito, Ewa Grin, Alan Arkin; Kompozitory: Denni Elfman; Öndüriji: “Walt Disney Pictures”, “Tim Burton Productions”, “Infinite Detective Productions”, “Secret Machine Entertainment”; Paýlaýjy: “Walt Disney Studios Motion Pictures”; Dowamlylygy: 112 minut; Görnüşi: fantastik, başdan geçirme, maşgala, drama; Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe; Býujeti: 170 million $.

“Disney” kompaniýasynyň ilkinji gezek 1941-nji ýylda surata düşüren “Dambo” animasiýasynyň janly film görnüşine “Alisa täsinlikler dünýäsinde”, “Çarliniň şokolod fabrigi” atly kinolaryň režissýory Tim Berton režissýorlyk edýär.

Fantastik görnüşdäki bu filmde esasy keşpleri Kolin Farrell, Maýkl Kiton, Denni DeWito, Ewa Grin, Alan Arkin ýaly Golliwudyň tanymal artistleri janlandyrýar.Angliýada surata alnan kinonyň býujeti 170 million dollara deň bolup, ol ilkinji hepdesinde 125 million dollar töweregi girdeji gazandy.Maks Midisi sirkiň köne ýyldyzlaryndan Holt Farriere we onuň çagalaryna täze tabşyryk berýär.

Mundan soň bu maşgalanyň bar işi sirkiň täze agzasy ullakan gulaklyja çaga piljagazyň idegi bilen gümra bolmak.Dambo diýlip at goýlan bu piljagazyň uçup bilmegi ýowuz günleri başdan geçirýän sirkiň işini gowulandyryp başlaýar.

Bu ýagdaý Wandeweriň ünsüni çekýär we ol sirkiň ýolbaşçylaryny özüniň “Dreamland” diýen ýerinde çykyş etmäge çagyrýar.Dambo we onuň iň ýakyn dosty, sirkiň ökde akrobaty Kolett Merçant täze ýerlerinde ýyldyza öwrülýär. Şol birwagtyň özünde-de Holt Farrier “Dreamland”-yň daşyndan görlüşi ýaly o diýen ygtybarly ýer däldigine göz ýetirýär we onuň käbir syrlaryny öwrenip başlaýar…

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň iň köp hak alýan aktýory belli edildi
Aşgabatda türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi
Owgan wekiliýeti Owganystanyň Aşgabatdaky ilçihansynda duşuşyk geçirdi
Owgan wekiliýetiniň Aşgabada sapary başlanýar
Türkmen wekiliýeti Eýranyň Amirabad portuna iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistan we Eýran deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler