Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçisine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçisine gynanç bildirdi

20-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda ýene bir ýola Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň we Eýranyň beýleki resmi adamlarynyň dikuçar heläkçiligi sebäpli aradan çykmaklary zerarly gynanç bildirildi.

Bu betbagtçylygyň ähli türkmenistanlylaryň ýüreklerinde agyr duýgulary döredendigi we türkmen tarapynyň Eýrana zerur bolan kömegi bermäge taýýardygy aýdyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
Pezeşkiýan ýakyn günlerde kasam kabul eder
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň duşuşygy
Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
Milli Türgen Ýewropanyň Çempiony Boldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri