Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hatyra kitaby açyldy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynda hatyra kitaby açyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, dikuçar heläkçiliginde aradan çykan Eýranyň Prezidentiniň we daşary işler ministriniň hormatyna açylan ýatlamalar kitabyna ýazgy ýazdy we gol çekdi.

Eýranyň Türkmenistandaky diplomatik gullygynyň habar bermegine görä, wise-premýer Türkmenistan bu pajygaly wakanyň ilkinji günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanin bilen habarlaşyp, türkmen tarapynyň islendik kömegi bermäge taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem R.Meredow Prezdent Seýed Ebrahim Raisiniň we daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahianyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini parahatçylykly çözmekde, howpsuzlygy berkitmekde köp işleri bitiren görnükli döwlet işgärleridigini belläp, olaryň bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berdi.

Wise-premýer R.Meredow häzirki agyr pursatlarda Eýranyň halkyna, Hökümetine we şehitleriň maşgalalaryna çuňňur gynanjyny bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
Pezeşkiýan ýakyn günlerde kasam kabul eder
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň duşuşygy
Eýranyň Prezidenti sapar bilen Aşgabada geler
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
Milli Türgen Ýewropanyň Çempiony Boldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri