Şagyzy Diananyň ulanan awtoulagy auksionda satyldy

Uelsiň Şagyzy Diananyň 1985-1988-nji ýyllarda ulanan awtoulagy auksion arkaly satyldy.Angliýada guralan auksionda hödürlenen gara reňkli “Ford Escort RS Turbo” ulagy 650 müň funt sterlinge satyldy. “Silverstone” auksion öýi tarapyndan geçirilen söwdasynda ulagy angliýaly biriniň alandygy mälim edildi.Mundan ozal, geçen ýylyň iýunynda Şagyzy Diananyň ulanan başga bir “Ford” ulagy 52 müň funt sterlinge satylypdy.Şagyzy Diana 1997-nji ýylyň 31-nji awgustynda Parižde awtoulag heläkçiliginde aradan çykypdy.Ilkinji gezek 1968-nji ýylda öndürilip başlanan “Ford Escort” ulaglarynyň “Turbo” görnüşleri 1984-nji ýylda çykarylyp başlanýar.

Birnäçe nesle degişli onlarça modeli bolan “Ford Escort”-yň dürli bazarlara niýetlenen görnüşleri dünýäniň dürli ýerlerindäki zawodlarda öndürilýär.

Ýene degişli makalalar

Şa zenany Diananyň awtoulagy 765 müň dollara satyldy
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
DÇ-2022: Ekwador Niderlandlar bilen, Angliýa ABŞ bilen deň oýnady
Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi
Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy