Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi

Katar 2022 Dünýä Kubogynda “B” toparçadaky duşuşyklar hem tamamlanyp, 1/8 finala çykan 2 ýygyndy belli boldy.Tapgyryň iň köp garaşylýan oýnunda ABŞ-nyň ýygyndysy Eýranyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Oýundan daşarky atmosfera garanyňda, asuda, parahatçylykly ýagdaýda geçen duşuşygyň ýeke-täk goluny 38-nji minutda Kristian Pulişiç geçirdi.Oýnuň 2-nji ýarymynda azda-kände artykmaçlyk görkezen Eýranyň ýygyndysyna hasaby deňlemek başarmady.

Aslynda olara bu duşuşykda deňme-deňlik hem taryhlarynda ilkinji gezek 1/8 finala çykmaklary üçin ýeterlikdi.ABŞ-nyň ýygyndysy 6-njy gezek 2-nji tapgyra çykmagy başardy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Britan adasynyň 2 wekiliniň özara 103-nji duşuşygynda Angliýanyň ýygyndysy 68-nji gezek Uelsi ýeňlişe sezewar etdi. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan Angliýanyň gollaryny 2-nji ýarymda, 50-nji we 68-nji minutlarda Markus Reşfor, 51-nji minutda-da Fil Foden derwezä girizdi.

Reşfordyň geçiren 2-nji goly Angliýanyň Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Şeýlelikde, Angliýanyň ýygyndysy 13-nji gezek 2-nji tapgyrda çykyş eder.Uelsiň ýygyndysy bolsa 64 ýyldan soň gatnaşan 2-nji Dünýä Kubogynda toparçalardaky duşuşyklaryny tamamlap, yzyna dolanmaly boldy.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Azmun şikeslidigine garamazdan, Eýranyň dünýä çempionatynda gatnaşjak düzüminden orun aldy
Çempionata jemi näçe futbolçy gatnaşýar, iň köp haýsy ýurduň klublary wekilçilik edýär?
Legionersiz ýygyndylar, diňe legionerlerden düzülen ýygyndy (Katar 2022 barada gyzykly maglumatlar)
Katar 2022-de 2-nji günüň duşuşyklary